Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary 2026-njy ýylda birnäçe möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegine öz maýa goýumlaryny gönükdirmegi meýilleşdirýärler. Bu barada sişenbe güni çap edilen “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde habar berilýär.
Şeýlelikde, Aşgabat şäheriniň Gurtly ýaşaýyş toplumynda iki gatly söwda merkezleriniň, Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynda bolsa söwda-hyzmat toplumlarynyň, şeýle hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda 11 gektar meýdanda köp ugurly dokma önümlerini öndürýän kärhananyň gurluşygy meýilleşdirilýär.
Oba-hojalyk senagatynda täze maldarçylyk we guşçulyk hojalyklaryny döretmek, ýyladyşhana hojalygyny giňeltmek, şeýle hem suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly miwe baglaryny we gök önüm ekin meýdanlaryny döretmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolar diýip, habarda bellenilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy” kiçi we orta telekeçiligiň depginli ösdürilmegine gönükdirilendir. Jemi içerki önümiň düzüminde hususy bölegiň paýyny ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny hasaba almazdan 72,9 göterime çenli ýetirmek meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, şu ýyl ýurtda dürli pudaklarda täze önümçilik kuwwatlyklaryny gurmak we hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmak arkaly 5245 sany täze iş ornuny döretmek göz öňünde tutulýar.


















