Daşary ýurt raýatlary Türkmenistandan üstaşyr Eýrandan çykaryldy

BT
Daşary ýurt raýatlary Türkmenistandan üstaşyr Eýrandan çykaryldy
Hytaýyň raýatlarynyň Türkmenistanyň üsti bilen geçýän pursady (Surat: "Shanghai Daily")

Türkmenistan Eýranyň çäginden çykýan daşary ýurtly raýatlaryň howpsuz üstaşyr geçirilmegi üçin döwlet serhedini açdy. Bu barada degişli ýurtlaryň daşary işler ministrlikleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri sişenbe güni habar berdiler.

Türkmenistanyň hökümetiniň utgaşdyrmagy esasynda Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Hytaý we Günorta Koreýa öz raýatlarynyň Eýrandan çykarylmagyny gurnady.

Şu ýylyň 2-nji martyndan başlap türkmen–eýran serhedinde möhüm geçelgeler, ýagny “Howdan-Bajygyran”, “Artyk- Lüftabat”, “Akýaýla- Inçeburun”, “Altyn Asyr-Inçeburun” we “Sarahs” gözegçilik-geçiriş nokatlary täzeden işe girizildi.

Maglumatlara görä, görkezilen gözegçilik-geçiriş nokatlary arkaly eýýäm Özbegistanyň 13 raýaty, Gazagystanyň 15 raýaty, Günorta Koreýanyň 23 raýaty, Russiýanyň 8 raýaty we Hytaýyň 25 raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan çykaryldy.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen tarapy daşary ýurt raýatlarynyň howpsuz we tiz üstaşyr geçmegini üpjün etmek maksady bilen zerur logistika we guramaçylyk goldawyny berýär.

2022