Eýrandan Türkmenistana daşary ýurtly raýatlaryň 200-den gowragy geçirildi

BT
Eýrandan Türkmenistana daşary ýurtly raýatlaryň 200-den gowragy geçirildi
Daşary ýurtly raýatlaryň Türkmenistanyň üsti bilen geçýän pursady

Merkezi Aziýa döwletleri, Hytaý, Russiýa, ABŞ, Finlýandiýa, Şwesiýa, Niderlandlar, Germaniýa, Türkiýe, Saud Arabystan ýaly 16 ýurtdan 200-den gowrak adam goňşy Eýrandan Türkmenistana girdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin çarşenbe güni ýaýradan resmi metbugat beýanatynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogar sebitindäki häzirki ýagdaý bilen baglylykda, ynsanperwerlik we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanyp, şeýle hem halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarly bolup, daşary ýurt raýatlarynyň, awtoulaglaryň we demir ýol ulaglarynyň hereket edýän düzüminiň türkmen-eýran serhedinden geçmegi üçin ähli zerur şertleri doly üpjün edýändigini habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, şol bir wagtyň özünde, döwlet serhedindäki ähli halkara gözegçilik nokatlary adaty tertipde işleýär.

Türkmenistanyň hökümetiniň utgaşdyrmagy esasynda Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Hytaý we Günorta Koreýa öz raýatlarynyň Eýrandan çykarylmagyny gurnady.

 

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС