Guwlymaýak şäherçesinde himiýa senagatynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlary gurulýar

BT
Guwlymaýak şäherçesinde himiýa senagatynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlary gurulýar
Türkmenistanda alnyp barylýan gurluşyk işlerinden bir pursat

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň buýrmasy esasynda himiýa pudagynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaý toplumynyň we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Gurluşyk işleri “Dürli ýaz” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirilýär. Bu barada penşenbe güni çap edilen “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Taslama laýyklykda, dört gatly 32 öýli alty sany ýaşaýyş jaýynyň, 40 öýli dört ýaşaýyş jaýynyň hem-de 60 öýli iki ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Ýaşaýyş jaýlaryndan başga-da, täze ýaşaýyş toplumynda umumybilim berýän orta mekdep, çagalar bagy we söwda-dynç alyş merkezi hem gurulýar.

Geljekki ýaşaýyş toplumy döwrebap şäherçe hökmünde meýilleşdirilýär. Ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde doly infrastruktura, ýagny elektrik, gaz hem-de suw üpjünçiligi, aragatnaşyk, lagym ulgamlaryny öz içine alýan daşarky inžener-kommunikasiýa ulgamlary çekilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, “Dürli ýaz” kärhanasynyň gurluşykçylary ýurduň günbatar sebitinde ýaşaýyş infrastrukturasynyň ösdürilmegine öz goşandyny goşýarlar. Kärhananyň durmuşa geçirýän taslamalarynyň netijesinde her ýyl ýüzlerçe maşgala täze öýler bilen üpjün edilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022