Türkmenabadyň himiýa zawodynda suwuk dökünleriň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär

BT
Türkmenabadyň himiýa zawodynda suwuk dökünleriň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär
Ösümliklere suwuk dökünleriň sepilýän pursady

Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýakyn geljekde ýyladyşhana hojalyklarynda uly isleg bildirilýän suwuk dökünleriň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu önümçilik kärhana içerki bazarda barha artýan talaby kanagatlandyrmaga ýardam berer. 

Türkmenabadyň himiýa zawody häzirki wagtda Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, zawodda öndürilýän tehniki kükürt kislotasynyň artýan bölegini daşary ýurtlara-da eksport edýär.

Bu zawod ýurduň senagat klasteriniň esasy kärhanalarynyň biri bolmak bilen, Türkmenistanda fosforly dökünleri öndürmäge ýöriteleşen ýeke-täk kärhanadyr. Onuň esasy önümleriniň biri ammoniý superfosfaty bolup, zawodda fosforly dökünleriň çig mallarynyň biri bolan tehniki kükürt kislotasy hem öndürilýär. 

Häzirki wagtda kärhana diňe oba hojalygyna niýetlenen himiýa serişdelerini öndürmek bilen çäklenmeýär. Bu ýerde 30-dan gowrak önüm, şol sanda jemagat hojalygy üçin möhüm bolan suw arassalaýjy koagulýant, polimer önümleriň dürli görnüşleri öndürilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022