Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde diňe bir ösümlikleri iýmitlendirmek bilen çäklenmän, eýsem, topragyň şorlaşmagynyň öňüni alýan, onuň düzümini gowulandyrýan serişdeleri döretmek boýunça ylmy-barlag işleri alyp barýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, zawodda mineral serişdeleriň önümçiliginde ekologik taýdan ylmy çemeleşmä aýratyn üns berilýär. Ekologiýa strategiýasy diňe bir ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrman, eýsem, topragyň şorlaşmagynyň öňüni alýan, hasyl berijiligini gorap saklaýan önümleriň döredilmegini hem göz öňünde tutýar.
Şeýle hem Türkmenabadyň himiýa zawodynda ýakyn geljekde ýyladyşhana hojalyklarynda uly isleg bildirilýän suwuk dökünleriň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda kärhana diňe oba hojalygyna niýetlenen himiýa serişdelerini öndürmek bilen çäklenmeýär. Bu ýerde 30-dan gowrak önüm, şol sanda jemagat hojalygy üçin möhüm bolan suw arassalaýjy koagulýant, polimer önümleriň dürli görnüşleri öndürilýär.

















