Awstraliýanyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Jon Wilýam Giring 2026-njy ýylyň 12-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen geçirilen duşuşykda Eýrandan gelýän Awstraliýanyň raýatlarynyň üstaşyr geçmegine beren goldawy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i penşenbe güni habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Awstraliýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem syýasy-diplomatik dialogy berkitmek, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Awstraliýanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk hem berkitmäge gönükdirilen konstruktiw dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

















