ASCO-nyň gämileri TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin turbalary daşamaga gatnaşýarlar

BT
ASCO-nyň gämileri TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin turbalary daşamaga gatnaşýarlar
ASCO-nyň gämisi (Surat: ASCO)

“Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçilik” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (ASCO) gämileri Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin niýetlenen turbalary daşamaga gatnaşýar.

ASCO-nyň duşenbe güni habar bermegine görä, daşama işleri Baku Halkara deňiz söwda portundan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna amala aşyrylýar.

Bu işe kompaniýanyň “Natawan”, “Resul Rza”, “Garadag”, “Teýmur Ahmedow” we “Maestro Niýazi” atly köpugurly gury ýük gämileri gatnaşýar.

Habarda bellenilişi ýaly, ýylyň ahyryna çenli görkezilen gämiler arkaly 11 müň 700 sany turbanyň daşalmagy meýilleşdirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022