Eýran ynsanperwer kömek üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

BT
Eýran ynsanperwer kömek üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi
Türkmenistandan Eýrana ýük awtoulaglary arkaly ugradylan ynsanperwer kömegi, 2026-njy ýylyň 14-nji marty

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň çagalaryna iberilen ynsanperwer kömek üçin türkmen tarapyna minnetdarlygyny bildirdi hem-de bu hoşniýetli we ynsanperwer kömegiň ähmiýetini aýratyn nygtady.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, eýranyň çagalaryna iberilen ynsanperwer kömek Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan iberildi.

Söhbetdeşligiň başynda taraplar Nowruz baýramy bilen birek-biregi gutlap, iki ýurduň halklaryna rowaçlyk we abadançylyk arzuwlaryny beýan etdiler.

Mart aýynyň ortasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna, ilkinji nobatda bolsa çagalaryna dost-doganlyk gatnaşyklaryň nyşany hökmünde derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden hem-de beýleki önümlerden ybarat ynsanperwer kömegini ibermek hakynda Buýruga gol çekdi.

2022
ENG TM РУС