2026: türkmen türgenleri Gyrgyzystanda geçiriljek Çarwadarlaryň VI bütindünýä oýunlaryna çagyrylýar

BT
2026: türkmen türgenleri Gyrgyzystanda geçiriljek Çarwadarlaryň VI bütindünýä oýunlaryna çagyrylýar
Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlary, Gyrgyzystan (Surat: "Akipress")

Gyrgyz Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçisi Azizbek Madmarow Nowruz baýramy mynasybetli geçirilen çäreleriň dowamynda “Türkmenistan” gazetine beren interwýusynda gyrgyz tarapynyň ýurtda şu ýyl geçiriljek Çarwadarlaryň VI bütindünýä oýunlaryna türkmen türgenleriniň we myhmanlarynyň gatnaşmagyna garaşýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň sişenbe güni habar bermegine görä, Çarwadarlaryň VI bütindünýä oýunlary 31-nji awgust — 6-njy sentýabr aralygynda Gyrgyzystanda geçiriler.

Şeýle hem ilçi Azizbek Madmarow Gyrgyz Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň adyndan we öz adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy, doganlyk türkmen halkyny Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

“Türkmenistanyň öz döwletliligini berkitmekde uly üstünlikleri gazanyp, jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygyň, durmuş-ykdysady ösüşiň ýolundan ynamly öňe barýandygyna şaýat bolmak bizi begendirýär. Şu ýylda-da dostlukly döwlete depginli ösüşleri, belent maksatlara ýetmegi arzuw edýärin” diýip, ilçi nygtady.

Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlary 2024-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Gazagystanyň Astana şäherinde geçirildi. Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

2022
ENG TM РУС