Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy tarapyndan her ýylyň 21-nji martynda bellenilýän Bütindünýä şygryýet güni mynasybetli “Şygryýet sözleri bilen Medeniýetleriň Dialogy” atly şygryýet marafonyny geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy habar berdi.
Marafona türkmen diasporasynyň wekilleri we ilçihananyň işgärleri gatnaşdy. Bu taslamanyň maksady baý şygryýet mirasy giňden ýaýmak we edebi däpleriň dialogy arkaly ýurtlaryň arasyndaky medeni we ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekden ybarat boldy.
Habarda bellenilişi ýaly, marafonda Türkmenistanyň we Ukrainanyň ajaýyp nusgawy şahyrlary: Gurbandurdy Zelili, Seýitnazar Seýdi, Magtymguly Pyragy, Wladimir Sosýura, Lesýa Ukrainka we Taras Şewçenkonyň eserleri şöhlelendirildi.
Çärä gatnaşyjylar şygyr arkaly her bir millete degişli umumy mowzuklary beýan etdiler, medeni däpleri we ruhy gymmatlyklary birleşdirdiler. Çärede çuňňur pelsepewi we liriki temalar ýaýbaňlandyryldy.
Marafon Magtymguly Pyragynyň Kiýewiň merkezindäki ýadygärliginde onuň goşgusynyň ukrain dilindäki terjimesinde çeper okalmagy bilen jemlendi.

















