TDHÇMB-niň anna günündäki geleşikleri 26 million manada golaýlady

BT
TDHÇMB-niň anna günündäki geleşikleri 26 million manada golaýlady
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen göçme birža söwdalary, 2024-nji ýylyň 5-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDHÇMB)

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) anna güni geçiren söwdalarynda jemi bahasy 25 million 715 müň manatlyk geleşik baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berdi.

Içerki bazar üçin ýerli işewürler “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginden 1-nji hilli bugdaý ununy we “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Gruziýanyň we BAE-niň işewürleri daşary ýurt walýutasyna “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni, Türkiýäniň işewürleri ýerli işewürlerden “SN-200” kysymly regenerirlenen başlangyç ýagyny we 1-nji hilli bugdaý ununy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Şeýle hem Azerbeýjanyň telekeçileri ýerli işewürlerden dokma önümlerini we 1-nji hilli bugdaý ununy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Geleşikleriň jemi bahasy 5 million 120 müň 400 abş dollaryna deň boldy.

TDHÇMB-niň anna güni geçiren söwdalarynda jemi 16 sany geleşik baglaşyldy.

2022