Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça indiki ädimleri kesgitledi

BT
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça indiki ädimleri kesgitledi
Sapar Palwanowyň Silwiýa Kosinska bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 27-nji fewraly, Brýussel, Belgiýa (Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy)

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Palwanow Brýusselde Ýewropa Parlamentiniň Prezidentiniň diplomatik geňeşçisi Silwiýa Kosinska bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky häzirki hyzmatdaşlygy hem-de geljekdäki gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ýokary derejeli dialogy dowam etdirmek, şeýle hem hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn görnüşde we ÝB – Merkezi Aziýa formatynyň çäginde ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşlikde Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa sebitiniň arasynda häzirki döwürde hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň, şol sanda energetika, ulag, möhüm çig mal serişdeleri we howa bilen bagly meseleleriň eýýäm kesgitlenendigi bellenildi. Bu ugurlar taraplaryň özara bähbitlerine laýyk gelýär we bilelikdäki taslamalary amaly taýdan durmuşa geçirmek üçin berk binýady döredýär, diýlip habarda bellenilýär.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň tebigy serişdelere baý mümkinçiligi bilen ÝB-niň tehnologiki mümkinçilikleriniň utgaşmasynyň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin goşmaça şertleri döredýändigi nygtaldy. Şeýle hem sebitiň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda durnukly ulag geçelgesi hökmünde ähmiýetiniň artýandygy nygtady.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça dialogy dowam etdirmäge we esasy ugurlar boýunça amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma tassyklanyldy.

2022