Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Tbiliside Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

BT
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Tbiliside Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Nokerguly Atagulyýewiň Irakli Kobahidze bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 30-njy marty, Tbilisi, Gruziýa (Surat: Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew duşenbe güni Tbiliside Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy habar berdi.

Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň dowamynda Gruziýa tarapy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny we ýokary derejeli yzygiderli saparlaryň döwletara gatnaşyklaryny has-da berkitmekde möhüm orun eýeleýändigini belledi.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine we oba hojalygy hem-de syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, taraplar duşuşykda sebit gün tertibini hem ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistanyň Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy saklamak boýunça edýän tagallalaryna ýokary baha berdiler hem-de ýurduň alyp barýan syýasatynyň sebitiň durnukly ösüşi üçin möhüm şert bolup durýandygyny nygtadylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022