Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gruziýa amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde sişenbe güni ýurduň Poti portuna baryp, onuň amaly mümkinçilikleri we infrastruktura kuwwaty bilen tanyşdy hem-de portuň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, duşuşyga Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary Tamar Ioseliani, “Gruziýanyň demir ýollary” PJ-niň, Gruziýanyň deňiz ulaglary administrasiýasynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşdylar.

Taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň oňyn ösüşini belläp, ulag we logistika ulgamynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtadylar. Şeýle-de duşuşyga gatnaşyjylar “Hazar deňzi – Gara deňzi”, “Lapis Lazuli” halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri, şeýle-de “Ýaşyl port” ýaly taslamalary amala aşyrmaga we ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ýük dolanyşygyny artdyrmagyň mümkinçiliklerini, multimodal logistika çözgütlerini mundan beýläk hem kämilleşdirmegi, üstaşyr ýükleriň daşalmagynda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy hem-de demir ýol we deňiz gatnawlaryny amala aşyryjylaryň arasyndaky utgaşyklygyň ýokarlandyrylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem duşuşykda port terminallaryny dolandyrmakda tejribe alyşmaga we bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Şol gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gruziýanyň Anakli portuna hem baryp gördi.

















