Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni geçiren söwdalarynda ýerli işewürler jemi bahasy 30 million 858 müň manada deň bolan 1-nji hilli bugdaý ununy satyn aldylar. Türkmen telekeçileriniň satyn alan 1-nji hilli bugdaý uny “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginde öndürildi.
TDHÇMB-niň habar bermegine görä, içerki bazar üçin ýerli telekeçiler Dokma senagaty ministrliginden dokma önümlerini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Geleşikleriň umumy bahasy 346 müň 800 manada barabar boldy.
Daşary ýurt puluna Türkiýeden gelen telekeçiler ýerli işewürlerden jemi bahasy 104 müň 384,77 ABŞ dollaryna deň bolan nah ýüplügini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda daşary ýurt walýutasyna jemi bahasy 350 million 748 müň 700 ABŞ dollaryndan gowrak bolan geleşik baglaşyldy.

















