Türkmenistan bilen Malaziýa oba hojalyk pudagynda bilelikdäki kärhanalary döretmegi meýilleşdirýär

BT
Türkmenistan bilen Malaziýa oba hojalyk pudagynda bilelikdäki kärhanalary döretmegi meýilleşdirýär
Muhammetnyýaz Maşalowyň Haji Mohamad bin Sabu bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 2-nji apreli, Malaziýa (Surat: Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy)

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow 2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde Malaýziýanyň Oba hojalyk we azyk howpsuzlygy ministri Haji Mohamad bin Sabu bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň Malaýziýa bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny berkitmek, oba hojalyk pudagynda bilelikdäki kärhanalary döretmek, bu pudagy sanlylaşdyrmak, oba senagat toplumynda tejribe alyşmak, eksport logistikasyny we ekologiýa taýdan arassa önümçiligi ösdürmek babatda hyzmatdaşlyga açykdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, duşuşykda ekin hasylyny ýokarlandyrmak üçin sanly tehnologiýalary we takyk ekerançylyk ulgamlaryny bilelikde ornaşdyrmak, tohum önümçiligi, maldarçylygy ösdürmek we gurakçylyga çydamly ekinleri ulanmak ugurlarynda tejribe alyşmak hem-de suwaryş ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, suw serişdelerini netijeli ulanmak, fitosanitariýa we weterinariýa barlaglaryny ýeňilleşdirmek üçin Malaýziýanyň mümkinçilikleri we bu ugurdaky bilelikdäki hereketleri amala aşyrmagyň ýollary barada gyzyklanma bildirildi.

Şunuň bilen baglylykda, duşuşykda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Malaýziýanyň Oba hojalyk we azyk howpsuzlygy ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamak teklip edildi.

Öz gezeginde Haji Mohamad bin Sabu Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan oňyn gatnaşyklaryň çäklerinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli alnyp barylýandygyny nygtady we hojalyk pudagynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem ol iki ýurduň ter bakja we miwe önümleriniň özara importynyň we eksportynyň ýola goýulmagyny teklip etdi.

Mundan başga-da, türkmen içlisi 2026-njy ýylyň 12-14-nji maýy aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek “Agro Pack Turkmenistan – 2026” atly halkara ýöriteleşdirilen sergisine hem-de “Food Turkmenistan 2026” halkara sergisine malaýziýaly hünärmenleri işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС