Ýanwar–fewral: Lebap welaýatynda 26,7 müň tonna et öndürildi

BT
Ýanwar–fewral: Lebap welaýatynda 26,7 müň tonna et öndürildi
Türkmenistandaky öri meýdanlar

Lebap welaýatynyň maldarlary şu ýylyň ýanwar–fewral aýlarynda ýigrimi alty müň ýedi ýüz tonna et öndürdiler. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,5 göterime golaý ýa-da alty ýüz tonna köp boldy. Bu barada penşenbe güni çap edilen “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Önümçiligiň artmagy iri we ownuk şahly mallaryň baş sanynyň köpelmegi bilen üpjün edildi. Hünärmenleriň berýän maglumatlaryna görä, fewral aýynda iri şahly mallaryň sany geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 1 müň 800 baş sany artdy, şeýle hem 300 sany ownuk şahly mal köpeldi.

Sebitdäki hojalyklarda owlak-guzy alynmagy dowam edýär we owlak-guzy möwsümi şu aýda tamamlanar. Garagum, Gyzylgum çölleriniň öri meýdanlarynda hem-de Köýtendagyň jülgelerinde sürüleri bakýan çopanlar owlak-guzy möwsüminiň ahyryna çenli kyrk müňden gowrak guzy almagy meýilleşdirýärler. Ýokary görkezijileri Köýtendag etrabynyň “Köýtendag”, Çärjew etrabynyň “Serdar”, Halaç etrabynyň “Garagum” hem-de Döwletli etrabynyň “Tallymerjen” maldarçylyk hojalyklary görkezýärler.

Şeýle hem maldarçylyk hojalyklarynyň hünärmenleri bu möwsümde sagdyn owlak-guzylaryň alynýandygyny belläp, munuň mallaryň gyşlamagynyň guramaçylykly geçirilmegi netijesinde gazanylandygyny nygtaýarlar. Sowuk howa başlamazdan öň, zerur bolan möçberde iým we ot taýýarlanyldy we iri hem-de ownuk şahly mallar gyşda saklamak üçin taýýarlanylan agyllara eltildi diýip, habarda bellenilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022