Özbegistanyň Daşkent şäherinde 23–24-nji martda “Durnukly oba hojalyk ekoulgamlary üçin innowasiýalar, regeneratiw oba hojalygy we sanlylaşdyrma” atly halkara agrobiznes forumy geçiriler. Çäräni geçirmek başlangyjyny Özbegistanyň Oba hojalyk ministrligi hem-de Italiýanyň Oba hojalyk ministrligi öňe sürdi.
Özbegistanyň Oba hojalyk ministrliginiň habar bermegine görä, forum Italiýadan, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we Azerbaýjandan wekilleri bir ýere jemlär. Bu meýdança innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, durnukly oba hojalyk ekoulgamlaryň ösdürilmegi hem-de oba hojalyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döreder.
Foruma öňdebaryjy bilermenleriň, maýadarlaryň hem-de agrobiznes wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Gatnaşyjylar oba hojalygyna maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini we häzirki zaman çözgütlerini ornaşdyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar.
Çäräniň maksatnamasynda B2B duşuşyklarynyň geçirilmegi hem göz öňünde tutulýar. Olar telekeçilere amaly hyzmatdaşlygyň ugurlaryny göni ara alyp maslahatlaşmaga, tejribe alyşmaga hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini gözden geçirmäge şert döreder.

















