Ýanwar-mart: Türkmenistanda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artdy

BT
Ýanwar-mart: Türkmenistanda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artdy
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan sergi, 2024-nji ýylyň 17-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda jemi öndürilen önümiň 10,4 göterim ýokarlanandygyny habar berdi. 

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,4 göterime, gurluşykda 6 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, söwdada 8,3 göterime, oba hojalygynda 2,4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,3 göterime deň boldy.

Hojamyrat Geldimyradow hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygynyň 10,4 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň bolsa 3,7 göterim artandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet Baştutany wise-premýere jemi içerki önümiň ösüşini durnukly saklamagy dowam etdirmegi, býujet serişdeleriniň tygşytly we maksatlaýyn peýdalanylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022