Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Alym Joraýew şu ýylyň ilkinji aýynda Türkmenabat şäherinde “Her gün” haryt nyşanly süýji-köke önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Türkmen gündogary” gazetinde penşenbe güni habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, täze önümçilikde işçi-hünärmenleriň ýedisi tutanýerli zähmet çekýär. Bu ýerde her aýda 800 kilograma golaý süýji-köke önümleri taýýarlanylýar.
“Häzirki wagtda önümleriň 30-a golaýy öndürilip, täze görnüşleriniň-de önümçiliginiň ýola goýulmagyna garaşylýar” diýip, telekeçi Alym Joraýew gürrüň berýär.
Häzirki wagtda bu döwrebap önümçilikde müşderileriň sargytlary esasynda süýji-köke önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiligi hem ýola goýulýar.
Şeýle hem telekeçiniň Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň “Awçy” geňeşligindäki önümçiliginde “Her gün” haryt nyşanly süýt we süýt önümleriniň 10-a golaýy, şol sanda gatyk, dorog, gaýmak, peýnir, şeýle-de bugdaý uny goşulyp, düzümi baýlaşdyrylyp, gowrulan ýer almasynyň 5 görnüşi, owradylp, guralan dürli tagamly çörek önümleriniň 6 görnüşi taýýarlanylýar.

















