Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyndan 1700 tonna haryt Özbegistana eksport edildi

BT
Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyndan 1700 tonna haryt Özbegistana eksport edildi
"Şabat” türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagy (Surat: UZA)

"Şabat” türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagy üsti arkaly şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda amala aşyrylan söwdanyň netijesinde Özbegistana 1 müň 700 tonnadan gowrak haryt eksport edildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet Gümrükgullugynyň resmi metbugaty habar berýär.

Şeýle-de türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynda 60 müňe golaý Özbegistanyň raýatynyň söwda amala aşyrandygy hasaba alyndy. 

Mundan başga-da, degişli döwürde “Şabat” türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyndan Türkmenistana 250 tonnadan gowrak haryt import edildi. 

“Şabat” türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagy 2025-nji ýylyň noýabr aýynda işe girizildi. Bu serhetýaka söwda zolagynyň üsti bilen amala aşyrylýan söwda dolanyşygy ähli gümrük paçlaryndan we beýleki töleglerden boşadylýar.

2022
ENG TM РУС