Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan Lebap welaýatynyň Farap etrabynda täze, döwrebap söwda bazarynyň gurluşygyny amala aşyrmagyň teklip edilýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagy bilen, Lebap welaýatynda hususy ulgama degişli 12 önümçiligiň işe girizilmegi, olarda täze iş orunlarynyň 311-siniň döredilmegi meýilleşdirilýär.
Hasabata görä, Lebap welaýatynyň çäginde Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda 6 önümçilik kärhanasy, dokma önümleri ýerlenilýän söwda dükanlarynyň 5-si işleýär. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň garamagynda Halaç etrabyndaky çeper halyçylyk kärhanasy, onuň 4 önümhanasy hereket edýär. Sebitiň çäginde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli önümçilik, söwda, hyzmatlar ulgamynda kärhanalaryň 79-sy bar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda, şol sanda Lebap welaýatynda içerki bazaryň azyk we beýleki harytlar bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamagyň, ilata edilýän söwda hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmagy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany Lebap welaýatynyň Farap etrabynda täze, döwrebap söwda bazaryny gurmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

















