Lebapda gury gurluşyk garyndylaryny we gipsokarton önümlerini öndürýän zawod gurulýar

BT
Lebapda gury gurluşyk garyndylaryny we gipsokarton önümlerini öndürýän zawod gurulýar
Gurluşyk garyndylarynyň önümçiliginden bir pursat

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Dostluk şäherinde bilelikdäki “Türkmengips” hojalyk jemgyýetiniň ýylda 250 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny we 20 million inedördül metr gipsokarton önümlerini öndürýän zawodynyň gurluşyk işleriniň ýokary depginde alnyp barylýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugyna laýyklykda, şu ýylda Lebap welaýaty boýunça binalaryň we desgalaryň 8-siniň açylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny mälim etdi.

Hasabata bellenilişi ýaly, olary bellenilen möhletinde, ýokary hilli gurup ulanmaga bermek maksady bilen, gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar.

Baýmyrat Annamämedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan oba hojalyk pudagyny zerur bolan fosforly dökünler bilen üpjün etmek, ýurtda öndürilýän mineral dökünleriň görnüşlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň düzüminde ýylda 350 müň tonna superfosfat, 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplumyň gurluşyk işleriniň dowam edýändigini aýtdy. Şeýle-de wise-premýer Köýtendag etrabynda ýerleşýän Garlyk kaliý dag-magdan toplumyny taslama kuwwatyna çykarmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere welaýatda şu ýyl gurluşygy tamamlanmaly binalaryň we desgalaryň ýokary hilli, bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini, sebitiň awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak işini dowam etdirmegi berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

2022
ENG TM РУС