Rus ilçisi: Russiýa türkmen kosmonawtlaryny taýýarlamaga taýýar

BT
Rus ilçisi: Russiýa türkmen kosmonawtlaryny taýýarlamaga taýýar
Kosmonawtlary taýýarlamakdan bir pursat, Russiýa (Surat: bnkomi.ru)

Russiýa kosmos pudagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda türkmen kosmonawtlaryny taýýarlamaga taýýardygyny beýan etdi. Bu barada Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Iwan Wolynkiniň aýdanlaryna salgylanyp, TASS agentligi habar berýär.

Diplomat iki tarapyň hem kosmos hyzmatdaşlygynda uly mümkinçiliklere eýedigini we taraplaryň emeli hemralary öndürmek we uçurmak, nawigasiýa tehnologiýalaryny ösdürmek, şeýle hem ylmy barlaglary we işläp taýýarlamalary geçirmek ugrunda hyzmatdaşlyk edip biljekdigini belledi. Şeýle hem ilçi Aşgabadyň gyzyklanma bildiren ýagdaýynda Russiýanyň türkmen kosmonawtynyň uçuşa taýýarlanylmagyny guramaga taýýardygyny aýtdy.

Iwan Wolynkin Çärjew şäherinde doglan kosmonawt Oleg Kononenkonyň gazanan üstünliklerini hem ýatlap, onuň Russiýanyň we Türkmenistanyň Gahrymanydygyny belledi. Mundan başga-da, rus ilçisi Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň ýolbaşçysynyň ýakyn güýzde meýilleşdirilen altynjy uçuşyna taýýarlanýandygyny we Oleg Kononenkonyň öňki uçuşynda orbita boýunça umumy galan wagtynyň 1110 günden geçendigini nygtady.

Kosmonawtika güni her ýyl 12-nji aprelde bellenilýär we bu baýramçylyk 1961-nji ýylda Gagarin tarapyndan amala aşyrylan adamzadyň kosmosa ilkinji uçuşy bilen baglanyşyklydyr.

2022
ENG TM РУС