Gurbanguly Berdimuhamedow: Ýakyn Gündogardaky dartgynlygyň ösüşi Türkmenistany örän ynjalykdan gaçyrýar

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow: Ýakyn Gündogardaky dartgynlygyň ösüşi Türkmenistany örän ynjalykdan gaçyrýar
Gurbanguly Berdimuhamedow ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine interwýu berýär, 2026-njy ýylyň 9-11-nji apreli, Wena, Awstriýa

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Ýakyn Gündogardaky ýagdaý we onuň Hazar sebitine ýaýramak howplary baradaky garaýşyny beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren interwýusynda giň çäkleri öz içine alýan Ýakyn Gündogar sebitiniň geografiýa taýdan Türkmenistana hem galtaşýandygyny aýdyp, häzirki emele gelen ýagdaýyň ösüşi Türkmenistany örän ynjalykdan gaçyrýandygyny belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurduň gapma-garşylykly ýagdaýlary we dawalary parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmäge esaslanýandygyny we bu ýörelgäniň ýurduň daşary syýasatynyň üýtgewsiz esasy bolup galýandygyny nygtady.

Interwýunyň dowamynda köpçülikleýin gyryş ýaraglary meselesine aýratyn üns berildi. “Biziň ýurdumyz ýaraglara gözegçilik etmek boýunça esasy halkara-hukuk resminamalarynyň köpüsine, şol sanda Ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk hakynda Şertnama we Ýadro synaglaryny doly gadagan etmek hakynda Şertnama gatnaşyjy bolup durýar. Mundan başga-da, Türkmenistan Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakynda Şertnamanyň hem işjeň gatnaşyjylarynyň biridir” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle ýaraglaryň ulanylmagynyň ilata, ekologiýa, iri sebitleriň durmuş, ykdysady ösüşiniň ähli ugurlaryna agyr täsir etjekdigini belläp, munyň düýpli we ýokary derejede jogapkärçiligi talap edýändigini nygtady.

“2018-nji ýylda ähli kenarýaka ýurtlar tarapyndan baş resminama – Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýa gol çekildi. Resminamada Hazar deňziniň parahatçylyk, ylalaşyk we hoşniýetli goňşuçylyk giňişligi bolup durýandygy, bu ýerde hazarýaka ýurtlaryndan beýleki döwletleriň harby güýçlerini ýerleşdirmegiň ýa-da işjeňliginiň gadagan edilýändigi aýdyň beýan edildi” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Hazar sebitindäki ýagdaý barada aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow serhetdeş hazarýaka döwletiniň çäklerine harby zarbalaryň urulmagyna Türkmenistanyň biynjalyk bolmagynyň tebigydygyny aýdyp, Hazar sebitinde harby hereketleriň düýbünden ýol berilmesizdigini mälim etdi. Interwýuda bellenilişi ýaly, Aşgabat dartgynlylygyň öňüni almak we sebitleýin howpsuzlygy saklamak maksady bilen Hazarýaka döwletleriniň Bilelikdäki beýannamanyy goldamak mümkinçiligini göz öňünde tutýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Wenna energetika we klimat forumynda çykyş edip, energetika bazarlaryny durnuklaşdyrmaga we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe amaly çäreleri teklip etdi.

2022
ENG TM РУС