Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň ilkinji bilermenler forumy 2026-njy ýylyň 16–17-nji aprelinde Hywa şäherinde geçiriler. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar instituty habar berdi.
Forumuň guramaçylary hökmünde Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar instituty, Konrad Adenauer adyndaky Gaznanyň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilhanasy hem-de Fridrih Ebert adyndaky Gaznanyň Özbegistandaky wekilhanasy çykyş edýär.
Çärä 50-den gowrak wekiliň, şol sanda analitik merkezleriň ýolbaşçylarynyň, bilermenleriň, şeýle hem Germaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ylym-bilim we işewürlik wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Forum “Merkezi Aziýa + Germaniýa” formatynyň analitiki goldawyny üpjün etmek üçin hemişelik işleýän bilermenler platformasyny döretmäge gönükdirilendir.
Çäräniň dowamynda syýasy dialog, ykdysady hyzmatdaşlygyň we senagat hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi, sanly özgertmeler, şeýle hem akademiki alyş-çalyşlar we guramaçylykly zähmet migrasiýasy arkaly adam kapitalyny berkitmek ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşylar.
“Merkezi Aziýa + Germaniýa” (C5+1 formaty) Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň (Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan) arasyndaky strategiki sebit hyzmatdaşlygy bolup durýar.

















