Türkmenistanda “Tatar kyzy” halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler

BT
Türkmenistanda “Tatar kyzy” halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler
“Tatar kyzy” halkara bäsleşiginden bir pursat (Surat: "Tatar-Inform")

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Wasil Şaýhraziýewyň arasynda çarşenbe güni geçirilen duşuşykda 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Tatar kyzy” halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda bu bäsleşigiň milli däpleri, ruhy gymmatlyklary gorap saklamaga we medeniýetara dialogy pugtalandyrmaga ýardam edýän möhüm medeni-ynsanperwer meýdança hökmünde ähmiýeti bellenildi.

Türkmen tarapy öňde boljak çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge we onuň üstünlikli geçirilmegi üçin zerur şertleri döretmäge taýýardygyny tassyklady.

Mundan başga-da, taraplar türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň derwaýys meselelerini, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar netijeli hyzmatdaşlygyň dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022