Hytaý wekilýeti Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy

BT
Hytaý wekilýeti Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekilleri we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hünärmenleriniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2026-njy ýylyň 15-nji apreli, Arkadag, Türkmenistan

Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana saparynyň çäklerinde 2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyna baryp gördüler.

Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory we wekiliýet agzalary bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Gaznanyň wise-prezidenti iki ýurduň lukmançylyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmeginiň taryhy ähmiýetiniň bolandygyny belläp, bu wakalaryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiniň hil taýdan täze derejä çykýandygyny görkezýändigini aýtdy.

Oguljahan Atabaýewa gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti hökmünde çagalaryň saglygyny goramak, toplumlaýyn bejeriş we dikeldiş işlerini alyp barmak boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Şeýle hem Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentine hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen saglygy goraýyş ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Rektor häzirki döwürde Awstraliýada, Russiýada, ABŞ-da, Germaniýada Adaty däl lukmançylyk merkezleriniň açylandygyny, bu sanawa Türkmenistanyň hem goşulmagynyň ýurtda ynsan saglygyny goramaga, bejerişiň ähmiýetli ugurlaryny peýdalanmaga uly gyzyklanma bildirilýändigini subut edýändigini aýtdy.

Soňra Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar we merkeziň lukmanlary näsag çagalara edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri, merkezde oturdylan enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary barada gürrüň berdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022