TDHÇMB-da duşenbe güni 21,6 million manatlyk tehniki kükürt satyldy

BT
TDHÇMB-da duşenbe güni 21,6 million manatlyk tehniki kükürt satyldy
Tehniki kükürt ammary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçiren söwdalarynda jemi bahasy 21 million 600 müň manada deň bolan pes hilli tehniki kükürt satyldy. Bu barada TDHÇMB habar berdi.

Ýerli telekeçiler pes hilli tehniki kükürdi “Türkmengaz” döwlet konserninden eksport etmek şerti bilen satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda duşenbe güni geçirilen söwdalarda geleşikleriň 6-sy hasaba alyndy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda daşary ýurt walýutasyna jemi bahasy 28 million 74 müň ABŞ dollaryna deň bolan geleşik baglaşyldy.

2022