Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda şäheriň gurluşyklarynyň depgininiň haýaldygyny we ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesine laýyk gelmeýändigini belläp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna nägilelik bildirdi hem-de kemçilikleriň gysga wagtda düzedilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
“Aýratyn-da, şäheriň esasy şaýoly bolan Ahalteke atlary şaýolunyň gurluşygynyň depgini güýçlendirilmelidir we bu ýol tiz wagtda açylyp ulanmaga berilmelidir” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady hem-de ähli meýilleşdirilen işleriň depgininiň we hil derejesiniň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygy babatda degişli maslahatlaryny berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, dürli maksatly desgalaryň kesgitlenen möhletlerde ulanmaga berilmegi häzirki döwrüň möhüm wezipesi hökmünde kesgitlenendigini aýdyp, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, şäherde ýokary ekologik ýagdaýyň saklanylmagyna zerur ähmiýet berilmelidigini belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler we gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

















