Aşgabatda bölek satuw haryt dolanyşygynyň 102,1 milliard manada ýetmegine garaşylýar

BT
Aşgabatda bölek satuw haryt dolanyşygynyň 102,1 milliard manada ýetmegine garaşylýar
Türkmenistanyň ýaşaýjylary dükanda söwda etýärler.

Aşgabat şäherinde täze söwda nokatlarynyň, kafeleriň, restoranlaryň ulanyşa berilmegi bilen, bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 2026-njy ýylda 102 milliard 109 million manada deň bolmagyna garaşylýar.

Haryt dolanyşygynyň umumy möçberinde döwlete degişli bolmadyk kärhanalaryň paýy 95 göterime barabar bolar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Şeýle hem azyk senagaty kärhanalary tarapyndan 30 müň tonna süýt önümleriniň (süýde geçirilip hasaplananda), 17 müň 100 tonna süýji-köke önümleriniň, 50 müň 500 tonna unuň öndürilmegine garaşylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, sarp ediş harytlarynyň öndürilişiniň 6 milliard 985 million manada ýetmegine garaşylyp, şunda azyk önümleriniň paýy 45,4 göterim, azyk däl önümleriniň paýy 51,3 göterim bolar.

2022
ENG TM РУС