Türkmenistanyň raýatlary üçin Türkiýä wiza arzalarynyň kabul edilmegi boýunça resmi operator bolan “Mosaic Visa” wiza merkezi 4-nji maýdan başlap 2127-nji köçesiniň (G. Kulyýew adyndaky), 88-nji jaýynda, “Nowruz haly” binasynda täze salgy boýunça işe başlady. Bu barada kompaniýa öz sosial ulgamlarynda ýekşenbe güni habar berdi.
Wiza almak isleýän raýatlar resminamalary kompaniýanyň onlaýn portaly arkaly ýa-da wiza merkezine şahsy ýüz tutmak arkaly tabşyryp bilerler.
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda wiza tertibi 2022-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda güýje girizildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň raýatlary Türkiýä syýahatçylyk, iş, okuw, hyzmat, işewürlik, tranzit we beýleki görnüşdäki wizalary resmileşdirip bilerler.
Talap edilýän resminamalaryň sanawy soralýan wizanyň görnüşine bagly bolup, Türkiýäniň degişli edaralary tarapyndan kesgitlenýär.

















