“Aýdyň Gijeler” kompaniýasy metaly gyzgyn sinklemek boýunça uly möçberli taslamany işe girizmäge taýýarlanýar. Bu barada kompaniýanyň üpjünçilik we satyn alyş bölüminiň başlygy Ruslan Taşowyň “Trend” agentligine beren interwýusynda habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, kärhanany şu ýylyň ahyryna çenli ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bu desganyň işe girizilmegi bilen onuň gyzgyn sinklemek pudagynda sebitdäki iň iri kärhanalaryň birine öwrülmegine garaşylýar.
Taşowyň aýtmagyna görä, bu görnüşli önümçilik nebitgaz pudagynda, senagatda we maşyn gurluşygynda giňden ulanylýar. Şeýle hem zawodyň önümleri, şol sanda, Hazar sebitindäki nebitgaz desgalarynda ulanmaga gönükdiriler.
Taslamanyň başlangyç maýa goýumlary takmynan 5 million ABŞ dollaryny deň bolar we ony durmuşa geçirmek işleri eýýäm başlandy. Kärhananyň önümçilik kuwwaty aýda 2 müň tonnadan gowrak metal gaýtadan işlemegi üpjün eder.
Mundan başga-da kompaniýada metallurgiýa pudagynda ýene bir taslama taýýarlanylýar. Taslama içerki bazar üçin we goňşy ýurtlara eksport etmek üçin niýetlenen dürli önümleri öz içine alýan doly önümçilik tapgyrly polat öndürýän zawody işe girizmegi göz öňünde tutýar.
“Aýdyň Gijeler” kompaniýasy ýakyn wagtda Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin täze nesil radioterminallaryň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär.

















