“Türkmenistan” awiakompaniýasy Frankfurta amala aşyrylýan uçuşlaryň terminalyny üýtgedýär

BT
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Frankfurta amala aşyrylýan uçuşlaryň terminalyny üýtgedýär
Frankfurt halkara howa menzili, Germaniýa (Surat: "DVV Media")

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Frankfurt halkara howa menziline amala aşyrylýan uçyşlaryň terminalynyň üýtgedilýändigini yglan etdi we 2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap ähli uçuşlaryň kabul edilmegi we ugradylmagy 3-nji terminalda amala aşyrylar. Bu barada awiakompaniýanyň metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.

Ýolagçylara 3-nji terminalda elýeterli bolan özbaşdak hasaba alyş hyzmatlaryndan peýdalanmak, soňra bolsa uçuş üçin degişli gapylara geçmek maslahat berilýär.

Aşgabat bilen Frankfurt şäherleriniň arasyndaky uçuş tertibi öňküligine galýar. Uçuşlar hepdede iki gezek — çarşenbe we şenbe günleri ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem “Türkmenistan” awiakompaniýasy Hoşimin, Milan, Jidda, Bangkok, Kuala-Lumpur, Dubaý, Frankfurt, Deli, Pekin, London, Stambul we Seul ýaly birnäçe ugurlar boýunça halkara uçuşlary amala aşyrýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС