Türkmenistanyň raýatlary üçin Türkiýä wiza arzalarynyň kabul edilmegi boýunça resmi operator bolan “Mosaic Visa” wiza merkezi Aşgabatda täze edarasyny açdy. Dabara hormatly myhmanlaryň, şol sanda Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisiniň gatnaşmagynda geçirildi. Bu barada kompaniýa sişenbe güni habar berdi.
Kompaniýanyň täze edarasy 4-nji maýdan başlap 2127-nji köçesiniň (G. Kulyýew adyndaky), 88-nji jaýynda, “Nowruz haly” binasynda işe başlady.

Wiza almak isleýän raýatlar resminamalary kompaniýanyň onlaýn portaly arkaly ýa-da wiza merkezine şahsy ýüz tutmak arkaly tabşyryp bilerler.
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda wiza tertibi 2022-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda güýje girizildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň raýatlary Türkiýä syýahatçylyk, iş, okuw, hyzmat, işewürlik, tranzit we beýleki görnüşdäki wizalary resmileşdirip bilerler.

















