Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mnasakan Safarýanyň arasynda 2026-njy ýylyň 4-nji maýynda Ýerewanda geçirilen duşuşykda taraplar iki ýurduň täjirçilik düzümleriniň we hususy pudagynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin şertleri döretmäge taýýardyklaryny bellediler.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar özara söwdanyň mukdaryny artdyrmak üçin bar bolan mümkinçilikleri ulanmagyň we olary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Şeýle hem taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň esasy ornuna uly ähmiýet berdiler.
Söhbetdeşligiň başynda türkmen tarapy 5-6-njy maýda geçirilmegi meýilleşdirilen “Yerevan Dialogue 2026” atly abraýly halkara forumyna gatnaşmaga çakylygy üçin ermeni tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Gepleşikleriň barşynda diplomatlar iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik özara gatnaşyklaryň has-da ösýändigini tassykladylar we ýokary derejedäki yzygiderli gepleşikleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýady bolup hyzmat edýändigini bellediler.
Ministrlikleriň arasynda yzygiderli geňeşmeleriň geçirilmegi hyzmatdaşlygyň möhüm guraly hökmünde görkezildi.
Mundan başga-da, halklaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary has-da berkitmek maksady bilen, türkmen tarapy Ermenistanda Türkmenistanyň nobatdaky Medeniýet günlerini geçirmek baradaky teklibi öňe sürdi.

















