Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň Karary bilen Guwanç Halmuhammedowiç Nazarow Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Ýaşlyk” teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesine bellenildi.
Şeýle hem Ýakupgeldi Gurbannyýazowiç Kasymow Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Ýaşlyk” teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.
“Ýaşlyk” teleradioýaýlymy, Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň ýaşlara gönükdirilen, medeni, bilim we dynç alyş gepleşiklerini ýaýradýan esasy teleradioýaýlymlarynyň biridir.

















