Lebap welaýatynyň çäginde häzirki wagtda gök önümleri öndürmek üçin 18 sany döwrebap ýyladyşhana işe girizilip, ýene-de 19 sanysynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylda welaýatda gök önümleriň öndürilişini 300 müň tonna, ýeralmany 136 müň tonna, bakja önümlerini 168 müň tonna, miweleri we ir-iýmişleri 47 müň tonna hem-de üzümi 19 müň tonna öndürmek meýilleşdirilýär.
Şeýle hem Lebap welaýatynda 2026-njy ýylda 5 milliard 366 million manatlykdan gowrak ilatyň ulanýan harytlarynyň öndürilmegine garaşylýar. Bölek satuw haryt dolanyşygy şu ýyl, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 10,7 göterim ýokarlanar, şunda döwlete dahylsyz bölegiň paýy 90 göterime deň bolar diýlip çaklanylýar.
Mundan başga-da, şu ýyla niýetlenen ösüş we maýa goýum Maksatnamasynda Saýat etrabynda suwaryş we zeýkeş ulgamlaryny kämilleşdirmegi dowam etdirmek, şeýle-de Ösümlikleri goramak gullugynyň Lebap welaýat bölüminiň ammaryny gurmak göz öňünde tutulýar.

















