“Gruziýanyň demir ýollary” Türkmenistandan ýükleriň daşalmagynyň has-da artmagyna garaşýar

BT
“Gruziýanyň demir ýollary” Türkmenistandan ýükleriň daşalmagynyň has-da artmagyna garaşýar
Ýük daşaýan otly

“Gruziýanyň demir ýollary” paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Laşa Abaşidze iki ýurduň arasyndaky ýük daşamalarynyň durnukly ösmeginde kompaniýanyň Türkmenistandan gelýän ýükleriň daşalmagynyň mundan beýläk-de artmagyna garaşýandygyny aýtdy. Bu barada “1tv.ge” neşiri penşenbe güni habar berdi.

Laşa Abaşidzeniň aýtmagyna görä, türkmen demir ýollary gruzin tarapy üçin esasy hyzmatdaşlaryň biri bolup durýar. Kompaniýanyň ýolbaşçysy şu ýylda ýokary görkezijileriň gazanylaýandygyny, ýük daşamalarynyň möçberleriniň bolsa durnukly artmagyny dowam etdirýändigini belledi.

Kompaniýanyň baş direktory iki tarapyň netijeleri mundan beýläk-de gowulandyrmak üçin uly mümkinçiligi görýändigini we ýylyň ahyryna çenli Türkmenistan bilen ýük dolanyşygynyň ep-esli artmagyna garaşýandygyny nygtady.

“Gruzin demir ýollary” paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Laşa Abaşidze Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwili bilen bilelikde Aşgabatda geçirilen resmi gepleşiklere, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň bäşinji mejlisine gatnaşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022