Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde häzirki wagtda Balkan welaýatynyň çäginde iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň 260-dan gowragynyň gurluşyk işleriniň dowam edýändigini mälim etdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, welaýatyň çäginde alnyp barylýan gurluşyklar Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalar tarapyndan zerur bolan ýokary hilli sement önümleri, beýleki gurluşyk serişdeleri bilen üpjün edilýär.
Wise-premýer Energetika ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalar tarapyndan welaýatyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmek üçin hereket edýän elektrik beketlerinde hem-de geçirijilerde meýilnamalaýyn abatlaýyş işleriniň geçirilýändigini aýtdy.
Habarda bellenilişi ýaly, ýurduň sarp edijileriniň elektrik energiýasyna bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, welaýatyň çäginde birnäçe desgalaryň gurluşyk işleri dowam edýär. Awtomobil ýollary ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň hasabynda bar bolan awtomobil ýollarynda we köprülerde abatlamak, durkuny täzelemek işleri alnyp barylýar.
Şeýle hem Baýmyrat Annamämmedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunda degişli gurluşyk işleriniň geçirilýändigini belledi.
Mundan başga-da, mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow gurluşygy alnyp barylýan 2 sany çagalar bagynyň, 2 sany umumybilim edarasynyň, 1 sany saglyk öýüniň, durky täzelenýän Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň şu ýylda açylyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýändigini aýtdy.

















