Türkmenistan bilen Kamboja göni howa gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

BT
Türkmenistan bilen Kamboja göni howa gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ýolagçy uçary

Türkmenistan bilen Kamboja Patyşalygy Aşgabat bilen Kambojanyň iň iri syýahatçylyk merkezleriniň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmak mümkinçiligine garaýarlar. Degişli mesele Pnompen şäherinde Kambojanyň Syýahatçylyk ministri Huot Hak bilen Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň arasynda şenbe güni geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Kambojanyň Syýahatçylyk ministrligi habar berdi.

Taraplar Aşgabat–Pnompen we Aşgabat–Siemreap ugurlary boýunça howa gatnawlaryny açmagyň mümkinçiliklerini, şeýle hem syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň maýadarlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we syýahatçylyk kompaniýalary üçin tanyşdyryş saparlaryny guramak, syýahatçylyk mümkinçiliklerini bilelikde ilerletmek hem-de ýokary derejeli saparlary işjeňleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Kambojanyň Syýahatçylyk ministrliginiň habar bermegine görä, taraplar iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda syýahatçylyk ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň gol çekilmegini tizleşdirmek meselesine hem garadylar.

Ahmet Gurbanow Türkmenistanyň Kamboja bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen Türkmenistanyň medeni-taryhy ýadygärliklerini, şeýle hem lukmançylyk syýahatçylygynyň mümkinçiliklerini belledi.

Türkmen wekiliýeti 8–9-njy maýda Pnompene amala aşyran saparynyň çäklerinde Kambojanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji It Sophea hem-de Kambojanyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Neok Oknha Kit Meng bilen aýratynlykda duşuşyklary geçirdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022