Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň wekiliýeti bilen Ugandanyň dolandyryjy partiýasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşykda Ugandanyň tebigy gazy gazyp almak ulgamynda Türkmenistanyň tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirýändigi mälim edildi.
Ugandanyň dolandyryjy partiýasynyň resmi metbugat gullugynyň çarşenbe güni habar bermegine görä, türkmen wekiliýetiniň Uganda sapary aýratyn ähmiýete eýe bolup, Türkmenistan dünýäde iň uly tebigy gaz gorlaryna eýe bolan döwletleriň hataryna girýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, geçirilen gepleşikler iki partiýanyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň gol çekilmegi arkaly ýurtlaryň arasynda has ýakyn hyzmatdaşlygy döreder diýlip garaşylýar.

















