Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow “Kazan” atly köpugurly atçylyk-sport toplumyna baryp gördüler. Bu barada Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň resmi metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi.
Toplum bilen tanyşlygyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedowa atçylyk-sport toplumynyň işi, onuň infrastruktura mümkinçilikleri we türgenleri taýýarlamak üçin döredilen şertler barada maglumat berildi. Şeýle hem atçylyk sportuny ösdürmek we halkara ýaryşlaryny guramak meselelerine aýratyn üns berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, şu günlerde toplumyň meýdançasynda at çapyşyklary we Halkara çapyksuwarlar çempionaty geçirilýär. Oňa Russiýanyň sebitlerinden, şol sanda Tatarystandan, şeýle hem Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlardan, hususan-da Türkmenistandan, Gazagystandan we Gyrgyzystandan iň güýçli çapyksuwarlar gatnaşýar.
Mundan başga-da, bu ýerde Tatarystanyň kärhanalarynyň oba hojalyk önümleriniň we azyk harytlarynyň sergisi hem guraldy.
Bu çäreler işewürlik, maýa goýum we sport ugurlaryny birleşdirýän “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” atly XVII halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýär.

















