Türkmen zyýaratçylary Haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar.
Türkmen zyýaratçylary Mekkä ugramazdan ozal Aşgabatdaky Hezreti Omar metjidine bardylar. Bu barada “Watan” habarlary gepleşigi anna güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurduň ähli welaýatlaryna we paýtagta wekilçilik edýän raýatlar tutuş dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda sahawatly günlerde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki däp dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede we Medinede bolarlar.
Maý aýynyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow haj parzyny berjaý etmek üçin 289 sany zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek hakynda Buýruga gol çekdi. “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugyna zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin ýörite uçar gatnawyny öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak tabşyryldy.
Haj parzy Gurban baýramyna gabatlanyp berjaý edilýär. Türkmenistan her ýyl raýatlarynyň haj parzlaryny berjaý etmekleri üçin mukaddes Mekke we Medine şäherlerine saparlary guraýar.

















