Türkmenistan HHR-iň Hökümetiniň tutuş Hytaýa wekilçilik edýän ýeke-täk Hökümetdigini tassyklaýar

BT
Türkmenistan HHR-iň Hökümetiniň tutuş Hytaýa wekilçilik edýän ýeke-täk Hökümetdigini tassyklaýar
Aşgabat, Türkmenistan

Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna esaslanyp, onuň esasy ýörelgeleriniň biri döwletleriň çäk bitewüligine hormat goýmakdan ybaratdygyny nazara alyp, Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň tutuş Hytaýa wekilçilik edýän ýeke-täk kanuny Hökümetdigini, Taýwanyň bolsa Hytaýyň çäginiň aýrylmaz bölegidigini ýene bir gezek tassyklaýar.

Türkmenistanyň DIM-niň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin sişenbe güni ýaýradan beýanatynda habar berilişi ýaly, halkara derejesinde üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistan öz daşary syýasatyny halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda amala aşyrýar.

Türkmenistan “Bitewi Hytaý” syýasaty babatda öz ýörelgeleýin garaýşyna berk eýerýär, “Taýwanyň garaşsyzlygy” bilen bagly islendik görnüşlere garşy çykyş edýär.

Beýanatda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Taýwan bogazynyň iki kenarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň parahatçylykly ösdürilmegini, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň ýurdy birleşdirmek ugrunda edýän ähli tagallalaryny goldaýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022