AÖB Türkmenistanyň gatnaşmagynda sebitara sanly geçelge taslamasyny işe girizýär

BT
AÖB Türkmenistanyň gatnaşmagynda sebitara sanly geçelge taslamasyny işe girizýär
Aziýanyň ösüş banky (Surat: adb.org)

Aziýa Ösüş banky (AÖB) Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde sanly integrasiýany giňeltmek maksady bilen Türkmenistanyň gatnaşmagynda sebitara tehniki kömek boýunça täze taslamany işe girizdi.

“Sebit durnuklylygy, infrastruktura, maglumatlar we açyk kadalaşdyryjy düzgünler arkaly serhetüsti mümkinçilikler (CORRIDOR)” atly başlangyç sanly integrasiýany giňeltmäge, serhetüsti infrastrukturany ösdürmäge we sanly ykdysadyýetiň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu barada bankyň maý aýynyň başynda çap edilen hasabatynda habar berildi.

Bankyň hasabatyna görä, bu başlangyç 2035-nji ýyla çenli 1,5 milliard adam üçin sanly aragatnaşygy giňeltmegi, şeýle hem 20 milliard ABŞ dollary möçberinde strategik maýa goýumlaryny çekmegi maksat edinýär.

Taslama Azerbaýjan, Bangladeş, Hytaý, Gruziýa, Hindistan, Indoneziýa, Gazagystan, Mongoliýa, Pakistan, Filippinler, Şri-Lanka, Taýland, Özbegistan we Wýetnam ýaly ýurtlaryň hem gatnaşmagynda amala aşyrylar.

Maksatnama giň zolakly internet ulgamlaryny, maglumatlary gaýtadan işlemek merkezlerini we sanly jemgyýetçilik infrastrukturasyny ösdürmegi göz öňünde tutýar. Şeýle hem ugurlaryň biri emeli aň esasly çözgütleri ornaşdyrmak, kiberhowpsuzlygy ösdürmek we sebit ýurtlarynyň arasynda sanly kanunçylygy sazlaşdyrmak bolar.

AÖB-niň bellemegine görä, taslama serhetüsti sanly söwdanyň, akylly serhet ulgamlarynyň we sanly hyzmatlaryň ösmegine ýardam etmegine garaşylýar. Bu bolsa maglumat alyş-çalşygyny çaltlandyrmaga we üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Habarda bellenilişi ýaly, bu başlangyjyň durmuşa geçirilmegi 2026-njy ýylyň maý aýyndan 2030-njy ýylyň aprel aýyna çenli döwri öz içine alýar. Ýerine ýetiriji edara hökmünde AÖB-niň Sanly pudak müdirligi çykyş eder.

2022
ENG TM РУС