BSG Türkmenistanyň gurama goşulmak boýunça taýýarlyk işine ýokary baha berdi

BSG Türkmenistanyň gurama goşulmak boýunça taýýarlyk işine ýokary baha berdi
Bütindünýä Söwda Guramasynyň wekilleriniň Türkmenistana sapary, 2026-njy ýylyň maý aýy, Aşgabat, Türkmenistan

Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Sekretariatynyň wekilleri Aşgabatda geçirilen üç günlük iş saparynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň gurama goşulmak boýunça taýýarlyk işine ýokary baha berdiler.

BSG-niň wekilleri Maýka Oşikawa we Anna Warýanik Türkmenistanyň daşary işler ministri, maliýe we ykdysadyýet ministri, şeýle hem Pudagara utgaşdyryjy toparyň agzalary bilen birlikde esasy ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, geňeşmeleriň dowamynda Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni baradaky Ähtnamany taýýarlamak meselesine aýratyn üns berildi. Bu resminama ýakyn wagtda BSG-niň Sekretariatyna iberilmegi meýilleşdirilýär. Gurama goşulmak meseleleri boýunça bölümiň direktory Maýka Oşikawa resminamanyň ýokary derejede işlenip taýýarlanandygyny belläp, gurama goşulmak boýunça ýigrimiden gowrak işe gatnaşmak tejribesinde Türkmenistanyň Ähtnamasynyň iň ýokary hilli taýýarlanan resminamalaryň biri bolandygyny nygtady.

Resminama Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli döwlet düzümleri bilen bilelikde taýýarlanyldy.

BSG-niň bilermenleri Türkmenistanda kadalaşdyryjy-hukuk binýady kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere hem oňyn baha berdiler. Ýurtda bäsdeşlik, standartlaşdyrmak, tehniki kadalaşdyrmak we söwda gorag çäreleri ugurlarynda kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär. Bu işler milli kanunçylygy guramanyň talaplaryna laýyk getirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň BSG-ä agza bolmak baradaky resmi arzasy 2021-nji ýylyň 24-nji noýabrynda kabul edildi. Türkmenistana 2022-nji ýylyň fewral aýynda BSG-a goşulýan ýurt (“işjeň synçy”) derejesi berildi.

2022