“Galkynyş” atly oýunlar topary Stambulda geçirilýän Halkara etnosport festiwalyna gatnaşýar

BT
“Galkynyş” atly oýunlar topary Stambulda geçirilýän Halkara etnosport festiwalyna gatnaşýar
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Halkara etnosport medeniýet festiwalynda, 2026-njy ýylyň 21-nji maýy, Stambul, Türkiýe (Surat: “Türk dünýäsi” media platformasy)

Türkmenistanyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary 21–24-nji maý aralygynda Stambulda geçirilýän 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwalynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada “Türk dünýäsi” media platformasy habar berdi.

“Galkynyş” topary atly oýunlardaky ussatlygyny, milli egin-eşikleri, şeýle hem sazly-goreografik kompozisiýalary öz içine alýan täsirli maksatnama bilen çykyş etdi.

Türkmenistandan ýörite getirilen ahalteke bedewleri çärä gatnaşyjylaryň we tomaşaçylaryň ünsüni çekdi. Gözelligi, çydamlylygy we owadan hereketleri bilen tanalýan meşhur bedewler festiwalyň nyşanlarynyň birine öwrülip, onuň maksatnamasyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Festiwalyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlaryndan döredijilik toparlary milli däp-dessurlaryny, däp bolan sport görnüşleriniň elementlerini, atly oýunlary we medeni mirasy tanyşdyrdylar.

Festiwala Ýaponiýa, Müsür, Gazagystan, Azerbaýjan, Gyrgyzystan, Ispaniýa, Litwa, Russiýa, Italiýa, Özbegistan, Meksika, Bangladeş, Gruziýa, Owganystan, Liwan, Tanzaniýa, Palestina, Bosniýa we Gersegowina, Alžir hem-de Marokko ýaly ýigrimiden gowrak ýurduň wekilleri hem gatnaşýar.

 

2022
ENG TM РУС