Aşgabat şäheriniň “Bagyr” ýaşaýyş toplumynda durmuş maksatly birnäçe desgalar gurlar

BT
Aşgabat şäheriniň “Bagyr” ýaşaýyş toplumynda durmuş maksatly birnäçe desgalar gurlar
"Parahat-7" ýaşaýyş toplumynda çagalar bagynyň açylyş dabarasy, 2017-nji ýylyň 16-njy iýuly, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň “Bagyr” ýaşaýyş toplumynda 2 sany her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny hem-de saglyk öýüni gurmak boýunça Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda 2 sany her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň, 320 orunlyk çagalar bagynyň hem-de saglyk öýüniň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2026-njy ýylyň maý aýynda başlamak we umumybilim berýän mekdepleri we çagalar bagyny 2027-nji ýylyň sentýabr aýynda, saglyk öýüni 2027-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

2022